Altyn önýän ak pagtaly meýdanda

11 Sentýabr 2024
28

Agrosenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymynyň badalga almagy welaýatymyzda hem özboluşly dabaralara beslendi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat ýokary guramaçylyga eýe boldy. Onda giň gerim berlen çykyşlaryň çuňňur mazmunynda beýan edilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalyk puda-gynda ýaýbaňlandyrylan oýlanyşykly özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu özgertmeler welaýatymyzda hem hil taýdan täze derejelere eýe bolýar. Munuň özi sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşinde, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli, netijeli zähmetinde aýdyň görünýär. Ene topraga yhlasly hyzmat edýän zähmetsöýer daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, dünýäniň iň kämil tehnikalary bilen üpjünçiligi hemişe döwletiň üns merkezinde durýar. Pudakda hususy ulgamyň eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmekde maksatnamalaýyn işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Hususyýetçileriň oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer gaznalaryny döretmekde düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Öndürilýän oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alnyş nyrhlary ýokarlandyrylýar.

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar