Täze üstünlikleriň badalgasy

11 Sentýabr 2024
28

Berkarar ýurdumyzda milli ykdysadyýeti ähli taraplaýyn ösdürmek babatda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi, bu ugurda düýpli özgertmelere badalga berilmegi, ykdysadyýeti kesgitlenen döwürde ösdürmek boýunça milli hem döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi munuň açyk-aýdyň subutnamalarydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem bu ugurda anyk wezipeler kesgitlenendir. «Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary halkymyzyň bagtyýar durmuşda, bolelinlikde ýaşamagyna, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň, önümçiliginiň çalt we durnukly ösmegine amatly şertleri döredýär» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatly özgertmeler jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň bagtyýar, eşretli durmuşy hakyndaky aladadan ugur alýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara tejribä we bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda, salgyt kanunçylygyny kämilleşdirmek hem döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmek maksady bilen, ýeňillikli salgyt salmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler milli ykdysadyýetiň ösüşinde uly ähmiýete eýedir. Döwletimizde ýöredilýän kämil salgyt syýasaty milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, ýurduň ösen ykdysady kuwwatyny üpjün etmegiň hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň, goldamagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Dursun AŞYROWA,
Türkmenbaşy şäher salgyt bölüminiň ýuridiki taraplary barlag bölümçesiniň uly salgyt inspektory.
Beýleki habarlar