Kalby joşgunly ýaş zehin

11 Sentýabr 2024
42

Güneşli Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň öz saýlap alan ugurlarynda, şol sanda sungat äleminde zehinlerini artdyrmaklaryny, kämilleşmeklerini gazanmakda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle bäsleşikleriň biri zehinli çagalaryň arasynda guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşik bolup, onuň ýakynda geçirilen jemleýji tapgyry ýatda galyjy şatlyk-şowhunly pursatlara baý boldy. Bäsleşikde welaýatymyzdan Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýhan Serdarow üstünlik gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Ýaşajyk aýdymçy bäsleşigiň döwlet tapgyrynda «Gözel Sumbaryň nary» diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Kalby aýdym-saza söýgüden doly Aýhan bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Okuwdan boş wagtlarym Türkmenbaşy etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk bölümine gatnaýaryn. Ol ýerde maňa mugallymym Nurgylyç Annagylyjow halypalyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşige gatnaşyp, deň-duşlarymyň birnäçesi bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolandygyma begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylmagy hem meni täze üstünliklere ruhlandyrdy. Bagtyýar çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda zehinimizi açyp görkezmegimiz üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýaryn. Goý, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumlary rowaç bolsun!

Oguljennet ANNAGELDIÝEWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar