Aýdym — onuň hemrasy

11 Sentýabr 2024
38

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi, dünýä ýaýylmagy, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşikleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Bu bäsleşikde welaýat medeniýet merkeziniň aýdymçysy Guwanç Toýçyýew hem ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — altyn zynjyryna mynasyp bolmagy başardy.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar