Hereketiň sazlaşygy — ak ýollaryň ýaraşygy

11 Sentýabr 2024
26

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde ýurdumyzyň çar künjegi gözel görke beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi günbe-günden gowulanýar. Döwrebap ýollarymyzy iň häzirki zaman ulag serişdeleriniň bezemegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ulag ýollarynda hereketiň howpsuzlygyny gazanmak boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işlerem diňe öwgä mynasypdyr. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk munuň aýdyň subutnamasydyr.

Sürüjileriň, pyýada ýolagçylaryň arasynda düşündiriş we öňüni alyş işlerini guramak biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreleriň özenini düzýär. Dürli edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda guralýan, döwrebap obalarymyzyň, şäherçelerimiziň, şäherlerimiziň aýna ýaly tekiz hem ak ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz edýän, ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň öz howpsuzlygyna bolan şahsy jogapkärçiligini artdyrýan çuň mazmunly çäreleriň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýedigini aýratyn belläsimiz gelýär.

Beýleki habarlar