Garagulakly waka

11 Sentýabr 2024
25

Etrek derýasyndan bölünýän Babasil diýen akaba ozallar ýyllar boýy üznüksiz akar ýatardy. Ýaz aýlary bolsa joşup, töwerek-daşyny suwlap, mes topraga öwrerdi. Şol ýerlerem ýylgyndyr garakdan, çyratandyr çaýyrdan tokaýlyga öwrülerdi. Ol döwürler etrapda gaz bolmansoň, hemme biş-düşleri taýýarlamak, hatda öýleri ýylatmagam odun ýakmak bilen amala aşyrylardy. Şonuň üçin adamlaryň esasy aladalarynyň biri hojalygy odun bilen üpjün etmekdi.

Ine, bir gün «Ural» motosikletimde iki sany dostum bilen bilelikde ýaňky agzan ýerime odun çapmaga gitdik. Her kim motosikletde, welosipedde gidip, odunlary çapyp, üýşürip gaýdardylar we soň uly ýük ulagyna ýükläp öýe getirerdiler.

Çary ORAZGULYÝEW,
Balkanabat şäheri.
Beýleki habarlar