Sezardan gaýdan düzgün

11 Sentýabr 2024
24

Ýol hereketiniň düzgünleri gadymy Rimde oýlanyp tapylypdyr. Ýuliý Sezar şäheriň darajyk köçelerinde dürli görnüşdäki ulaglardan ýaňa geçere ýer galmansoň, ýol hereketini sazlamak boýunça gadymy Rim düzgünlerini herekete girizýär. Olaryň birnäçesi häzirki döwürde hem ulanylýar. Garşylyklaýyn gelýän ulaglaryň biri-biri bilen çaknyşmazlygy üçin birtaraplaýyn hereketiň ulanylmagyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. 

Rime başga şäherlerden gelýän ulag eýeleri üçin hem ýörite düzgünler işlenip düzülipdir. Olar öz ulaglaryny hökmany ýagdaýda şäheriň daşynda goýup, köçelerde diňe pyýada gezmeli edilipdir.

Beýleki habarlar