Döwletliligiň binýady

11 Sentýabr 2024
44

Bagtyýar halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyzlygyň şanly 33 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi. Oňyn özgertmeler, okgunly ösüşler her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup durýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin iň gowy şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Garaşsyz döwlet — munuň özi diňe bir özygtyýarlylygy we öz ykbalyňy özüň kesgitlemegi däl, eýsem, dünýä bilen aýakdaş gitmegi hem aňladýar. Ýurdumyzda ýokary depginli, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we onuň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletimiziň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, olary gaýtadan işlemek, halk hojalygy üçin zerur bolan ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek işleri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Bularyň ählisi raýatlary iş bilen üpjün etmek, mynasyp we öndürijilikli zähmete ýardam bermek babatda ileri tutulýan maksatlar bilen utgaşýar.

Soltanmyrat GOÇGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň uly maslahatçysy.
Beýleki habarlar