Ýyladyşhana toplumynda işler ileri

11 Sentýabr 2024
43

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynda durmuşa geçirýän özgertmelerine we döwrebap ýyladyşhanalary gurmak bilen bagly öňde goýýan wezipelerine Mary welaýatynyň hususy önüm öndürijileri hem netijeli zähmet bilen jogap berýärler. Muny Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň telekeçileriniň we işçi-hünärmenleriniň alyp barýan döredijilikli işlerinde-de görmek bolýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň hünärmenleri alyjylary ýylyň bütin dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Olar ýyladyşhana şertlerinde gök önümleri ýetişdirmegiň baý tejribesini topladylar. Hususy kärhananyň işçileri işlerini şu günüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak arkaly, ekologiýa taýdan arassa gök önümleri öndürmeklige aýratyn ýykgyn edýärler. Olaryň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri özüniň oňyn netijesini-de berýär. Kärhananyň döwrebap ýyladyşhana toplumynda pomidoryň dürli görnüşli şitillerini ösdürip ýetişdirmek ýola goýuldy. Ýyladyşhana toplumynyň tutýan meýdany 14,5 gektara barabardyr.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar