Sahawatly Bathyz

11 Sentýabr 2024
34

Tebigatyň şeýle ajap künjünde geçiren günlerimiz hemişelik ýadymyzda galdy. Bu ýeriň tebigy gözelligi, täsin gurşawy aýratyn söhbet açmaga mynasyp.

Bathyzyň giň meýdanlary Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Guşgy we Tejen derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. Dag bölegi Parapamyz dagynyň şahasyna öwrülen Gyzgädik belentliginden ybarat bolup, demirgazykda günorta-gündogar Garagum bilen araçäkleşýän çägeli düzlüklere geçýän baýyrlara ýaýrap gidýär. Umumy meýdany 75 müň gektara ýetýän Sarahs we Pulhatyn pisse jeňňelleri, şeýle-de çuňlugy 400 — 500 metre barabar Ýeroýulanduz çöketligi Bathyzyň esasy täsinlikleri hasaplanýar.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar