Hünärli nesil — röwşen geljek

11 Sentýabr 2024
56

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän okuwçy gyzlaryň gurnaklarynyň arasynda «Hünärli nesil — röwşen geljek» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi. Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde guralan bäsleşige welaýatyň etraplarynda şeýle gurnaklara gatnaýan okuwçy gyzlar gatnaşdylar.

Bäsleşik şertleriň üçüsinden ybarat boldy. Onuň birinji şertine laýyklykda, bäsdeşler ýurdumyzda hünär saýlap almaklary, el işlerine ussat gyzlar bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler hakda söz açyp, öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň işini, şeýle-de öwrenen hünärleriniň aýratynlygyny wasp etdiler. Olar çykyşlarynda türkmen gyzyna mahsus asyllylyk, sypaýylyk, eli çeperlik ýaly häsiýetleri hem açmaga çalyşdylar. Bäsleşigiň ikinji şertinde, oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň işlerinden görelde alyp, öz ýanlary bilen getiren milli lybaslaryndaky gutarylmadyk işi eminleriň gözegçiliginde ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň soňky şertinde bolsa okuwçy gyzlar milli däp-dessurlara laýyklykda, türkmen aşhanasyna mahsus ýagdaýda unaş kesip, saçak bezäp, tagam taýýarlanylyşyny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar