Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

10 Sentýabr 2024
71

Bagtyýar türkmen halky sanlyja günlerden ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýuny giňden belläp geçer. Bu sene ulus-ilimiziň durmuşynda aýratyn uly mana eýedir. Çünki Garaşsyzlyk — ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň wysal tapmasydyr.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp, gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Watanymyzyň ähli sebitlerindäki täze, döwrebap obalar, şäherçeler, innowasion tehnologiýaly iri zawoddyr fabrikler, durmuş-medeni maksatly häzirki zaman binalary, şol sanda bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň binalary, lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri we merkezleri, medeniýet öýleri hem-de beýlekiler mukaddes Garaşsyzlygyň beren miweleridir.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar