Pagta — gymmatly baýlyk

10 Sentýabr 2024
55

Ýurdumyzyň oba hojalygynda jogapkärli möwsümleriň biri-de pagta ýygymydyr. Uly baýlyk hasaplanýan pagtany ýetişdirmek irginsiz zähmeti talap edýär. Zähmetsöýer pagtaçylarymyz şanly ýylyň gowaça hasylyny ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekdiler. Olaryň topraga yhlasynyň ýerine düşendigine berekedini bolluk bilen eçilen «ak altynly» atyzlar hem şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna beren ak patasyndan göwni galkynan welaýatymyzyň pagtaçylary şu gün ýaşuly nesliň gatnaşmagynda möwsüme dabaraly ýagdaýda girişýärler. Jogapkärli möwsüme Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleriniň taýýarlykly gelendigini bellemek gerek. Etrabymyzda pagta ýygýan kombaýnlar, beýleki oba hojalyk tehnikalary hem-de pagta arassalaýjy kärhanadyr kabul ediş harmanhanalar möwsüme öňünden doly taýýar edildi.

Maşad MAŞADOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar