Zähmetde taplanan zenan

10 Sentýabr 2024
56

Päk zähmetden kemal tapyp, ene ýere bagry badaşan zähmetsöýer adamlar barada söz açmagyň özboluşly lezzeti bar. Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna girişilýär. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, Watan harmanlaryna gelýän «ak altynly» kerwenleriň hatary uzaýar. Kärende ýerine gowaça ekip, idegi mazaly ýetirilen atyzlarda «ak altynyň» ýokary hasylyny ýetişdiren ahally pagtaçy daýhanlar üçin hem gyzgalaňly möwsüm başlanýar. Bu jogapkärli möwsüme yhlasly girişen kärendeçileriň biri-de Gurbangül Ataýewa. Ol Ak bugdaý etrabynyň Myratberdi Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň «Täze oba» bölüminiň kärendeçisi. Gurbangül bilen Muhammetnazar Ataýewleriň maşgalasynda ene ýeriň kerem-keramatyna, mukaddesligine, bereket-bolçulygyna aňryýany bilen düşünilýär. Maşgalada hemmeleriň «Baýlygyň enesi — ýer, atasy — zähmet», «Edenli adam topragy altyna öwrer» diýlen peder pentlerine ynanyp ýaşamagynda Gurbangülüň şahsy göreldesine aýratyn orun degişlidir.

Onuň özi 27 ýylyň kärendeçi daýhany, ýanýoldaşy Muhammetnazar bolsa, bölümiň tejribeli mehanizatorlarynyň biri. Ikisiniň döwletli ojagynda bäş perzent — bäş goç ogul kemala gelýär. Olaryň ululary Bagdat, Batyr, Bagtyýar Watan öňündäki harby gulluk borjuny berjaý edip, zähmet ýoluna gadam basan ýigitler. Murgap bilen Söhbet bolsa, heniz mekdep okuwçylary. Çagalar, esasan hem zähmet ýoluna düşenler, ene süýdüni, Watan duzuny haklaýan, ilhalar hem gaýratly perzent bolmak üçin zähmet bilen bagryň badaşmalydygyna gowy düşünýärler. Şonuň üçin hem bugdaý ekini üçin bölünen 17 gektar, «ak altyny» ýetişdirmäge niýetlenen 7 gektar kärende ýerinde alnyp barylýan işlerde ejelerine gol-ganat bolýarlar. Ogullarynyň gaýratyna guwanýan kärendeçi zenan:

Gülsere JUMAÝEWA,
žurnalist. Suratda: tejribeli kärendeçi Gurbangül Ataýewa ogly Bagtyýar bilen.
Beýleki habarlar