Söýýän göz gözellik görýär

10 Sentýabr 2024
47

Görseňizläň, älem-jahan nähili gözel! Seleňläp görünýän geriş-geriş daglaryň depeleri asmana gol gerip duran ýaly. Bu owadan görnüşden, howanyň tämizliginden aýrylyp bilmän, men öňki endigime görä, ýanýodadan pikir ummanyna gark bolup barýaryn. Men öňler işime gijä galmazlyk üçin tiz ýöreýärdim. Bu gün bolsa asla howlugasym gelenok. Men häzir wagtyň geçmän durmagyny isleýärin. Güýzüň gelendigini buşlaýan howa, şabat şemal ýaňaklarymdan sypap, saçlarymy daraýar. Seýilgähiň ýanyndan pessaý ýöräp, çar ýanymy söýgi bilen synlaýaryn. Suw çüwdürimleriniň ýokardan aşaklygyna düwmelenip gaçmagy göwnümi has-da göterýär. Men bu gözelliklere maýyl bolup barşyma öz-özüme ýüzlenip, göwnühoşlugymyň sebäbini soraýaryn. Şonda ýürek onuň sebäbiniň söýgüdigini aýdýar.

Aslynda, söýgi hakda oýlanan pursadym men ähli zady unudýaryn. Bu taýsyz hem süýji duýga goýýan hormatym-sarpam meni bagtyýar ýaşadýar. Söýgi mukaddesligini gorap saklamagy başymyň täji, alnyma ýazylan bagtly ýazgydym hasap edýärin. Bir gün men uzak ýola ýolagçy boldum, şonda maňa ýüzi nurana, kümüş saçly bir ene bilen ýoldaş bolmak bagty miýesser etdi. Köp gürrüňdeşlikden soň ol ene meniň ýüzüme synçy nazaryny dikip, bir sowal berdi:

Merjen NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar