Kompýuter syçanjygynyň taryhyndan

10 Sentýabr 2024
41

Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşmagy bilen kompýuteri ulanmak gündelik zerurlygymyza öwrüldi. Onda işlenilende ol ýa-da beýleki programmalara degişli işi amala aşyrmak üçin bolsa ýörite guralyň zerurlygy ýüze çykypdyr. Bu gural amerikan oýlap tapyjysy Duglas Engelbart tarapyndan oýlanyp tapylyp,1968-nji ýylyň dekabrynda San-Fransiskoda geçirilen konferensiýada görkezilipdir. Gural kompýuterden üzňe bolsa-da, ondaky işi bellibir aralykdan ýerine ýetirmäge uýgunlaşdyrylypdyr. Bu gural kompýuter syçanjygydyr.

Ilkinji syçanjyk tagtadan ýasalyp, dörtburçluk şekilinde bolupdyr. Onuň üstünde bir düwmejik, aşagynda bolsa guraly herekete getirer ýaly iki tigirçek bolupdyr. Kompýuter bilen birleşdiriler ýaly onuň yz tarapyna sim dakylypdyr we şol görnüş oýlap tapyja guýruklyja syçanjygy ýatladypdyr. Şol sebäpden D.Engelbart syçana meňzeýändigi üçin gurala «syçanjyk» diýen ady beripdir.

Taýýarlan Eýup ANNAMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar