Ýerine düşýän yhlas

10 Sentýabr 2024
52

Il aýtmyşlaýyn: «Daýhan mert — ýer jomart». Oňa näçe garaşyk etseň, üns-alada bilen gurşap alsaň, ol özüniň miwesini bolluk bilen eçilýär. Hakyky daýhan ýeriň «diline» düşünýär. Danalaryň dürdänelerinde «Daýhan dünýäni ekleýär» diýen bir jümle bar. Ene topraga bagry badaşan zähmetkeş adamlaryň tagallasy bilen öndürilýän önümleri, ýetişdirilýän miweleri synlanyňda, bu jümläniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň şöhlelenýändigini görmek bolýar.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Jeýhun» daýhan birleşiginiň Kölaryk geňeşliginiň ýaşaýjysy, etrapdaky 25-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Täjinar Ahmedowa indi 20 ýyldan bäri öz şahsy melleginde guran ýyladyşhanasynda limon agajynyň 100-e golaýyny ösdürip ýetişdirýär we ýylyň-ýylyna ondan bol hasyl alyp gelýär. Häzirki günlerde her düýbünde düzüm-düzüm bolup şahasyna agram salyp başlan limonlar onuň zähmetiniň ýerine düşýändigini görkezýär. Halal, päk zähmetden bereket tapan Täjinar Ahmedowanyň çagalary Jennet, Oguljahan, Umytjan hem bagbançylygyň inçe syrlaryny ilik-düwme öwrenýärler. Onuň esasy ýardamçylarynyň biri bolsa, özüniň maslahaty, tejribesi bilen maşgalasyny goldap durýan ýanýoldaşy Yslam Jumakulyýewdir. Yslam aga gurluşyk işleri bilen meşgullansa-da, mellegindäki limon agaçlarynyň keşigini deň çekişip, yhlasyny siňdirýär. Ejesinden hem-de kakasyndan birkemsiz zähmet terbiýesini alan çagalarynyň ýyladyşhanada işe gümra bolup ýörüşleri olaryň bag ýetişdirmekden gowy baş çykarýandyklaryna güwä geçýär. Olaryň howlusyna gireniňde göwnüň gül açýar. Ýaşyl begrese bürenip, miwesini göterip bilmän oturan agaçlardyr dürli reňkli bägüller bolsa, hakykatdan hem, ynsanyň kalbyny ýyladýar. Şol pursat «Ine, hakyky maşgala. Ine, saňa çekýän zähmetiň berýän ajaýyp miwesi» diýeniňi duýman galýarsyň.

Öz habarçymyz.
SURATDA: Täjinar Ahmedowa özüniň bagynda.
Beýleki habarlar