Hormatly raýatlar!

10 Sentýabr 2024
34

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň raýatlaryny «Onlaýn ýüz tutma» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar. Hyzmata laýyklykda raýatlar banka barmazdan sanly ulgam arkaly bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynyň «Karzlaşdyrma» bölüminde ýerleşdirilen «Onlaýn ýüz tutma» arkaly soraglara dogry we doly jogap berip, gerekli maglumatlar doldurandan soňra, bankyň hünärmeni tarapyndan karz almak üçin ýüztutmanyň kabul edilendigi barada telefon arkaly habar berilýär. Raýatlarymyz bu hyzmatdan gije-gündiziň dowamynda peýdalanyp bilerler.

Hormatly ildeşler! «Onlaýn ýüz tutma» hyzmatyndan peýdalanmak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Beýleki habarlar