Rowaçlygyň röwşen ýoly

10 Sentýabr 2024
140

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sport, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň çäklerinde döwrebap bilim edaralary we çagalar baglary gurulýar, okuw-terbiýeçilik işleri döwrebaplaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk, döwrebap bilim almagy, bilim işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň çagalar, olaryň bagtyýar geljegi ugrundaky aladalarynyň uludygyny her ädimde duýmak bolýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şol belent maksatlara ýetmekde döwletimiziň eýeleýän orny diňe bir ylym we bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak däl-de, eýsem, halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmek arkaly öňdebaryjy tejribeleri netijeli peýdalanmak, halkara derejeli hünärmenleri ýetişdirmek bilen kesgitlenilýär. Hut şu wajyp wezipelerden ugur alnyp, her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary döredilýär, bilim alýan talyplaryň sany ýylsaýyn artýar.

Gülsoltan ÖWEZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar