«Altyn topa» dalaşgärler yglan edildi: sanawda Messi hem, Ronaldu hem ýok

8 Sentýabr 2024
16

«France Football» žurnaly ýyly tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan «Altyn top» baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi. Sanaw 30 oýunçydan ybarat bolup, ondan soňky 21 ýylda ilkinji gezek Lionell Messiniň we Kriştianu Ronaldunyň ady orun almady. Hünärmenler bu ýyl «Altyn topa» «Realyň» oýunçylary Winisius Žuniory we Jud Bellingemi, «Barselonanyň» hüjümçisi Lamin Ýamaly esasy dalaşgär hasaplaýarlar. Ýeri gelende bellesek, «Altyn topa» iň köp mynasyp bolmak boýunça rekord Argentinanyň milli ýygyndysynyň we ABŞ-nyň «Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionell Messä degişli — 8 gezek. Bu ugurda ikinji orny 5 gezek bu baýragyň eýesi bolan Kriştianu Ronaldu eýeläp dur. Maglumat üçin, «France Football» neşiri tarapyndan döredilen «Altyn top» baýragy 1956-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. Bu ýyl 68-nji gezek onuň eýesi yglan edilip, gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Parižiň «Şatle» teatrynda geçiriler.

Beýleki habarlar