Güýz paslynyň gelmegi bilen dünýäniň birnäçe ýurdunda şatlykly we özboluşly festiwallar bellenilip geçilýär. Bu festiwallar irki döwürlerden bäri meşhur bolup, halkyň milliligi, oba hojalyk möwsümi we dini däp-dessurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle festiwallaryň biri hem «La Merce» festiwalydyr.
Meşhur aýdym-saz şüweleňleri bilen tanalýan Barselona şäherinde güýz paslynyň gelmegi bilen gadymy baýramçylyklaryň biri bolan «La Merce» festiwaly uly şowhuna beslenýär. 1902-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän «La Merce» festiwaly katalonlaryň milli baýramydyr. «Tomus bilen hoşlaşmagyň we güýzi garşy almagyň» alamaty hökmünde 5 gün bellenilýän bu festiwal şu ýyl 20-24-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Festiwalyň dowamynda gijeki ýörişler, köçelerde milli tanslar we agşamyna korrefokly (uçganaklaýan kiçi feýerwerk) şüweleňler guralýar. «La Merce» festiwalynyň iň esasy wakalarynyň biri hem Barselonanyň «Plaça de Sant Jaume» merkezi meýdançasynda geçirilýär. Meýdança birnäçe adam toplanyp, adam diňini (kasteller) ýasaýarlar we çür depesine kiçijik çagajygy çykarýarlar. Mundan başga-da, çagalaryň iň söýgüli tomaşasy «äpet adamlaryň ýörişi» geçirilýär. «La Merce» üýtgeşik wakalara baý festiwaldyr.