Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň bölümlerinde alnyp barlan işler, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň üstünlikli geçirilendigi, şanly sene – Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýändigi barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan we üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň Türkmenistanda parahatçylygyň hem-de asuda durmuşyň ygtybarly kepili hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ministrligiň garamagyndaky düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegini, goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipeleri hökmünde kesgitledi.