Ene süýdi — bagtyň gözbaşy

5 Sentýabr 2024
94

Perzent — maşgalanyň arzuwy, göz-guwanjy. Çaganyň sagdyn dogulmagyny gazanmak üçin, ilki bilen, enäniň saglygyny goramak gerek. Munuň özi olaryň sagdyn we berk bedenli bolmagyna ýardam eder. Ene hem çaganyň sagdyn dünýä inmegi üçin, öz gezeginde, lukmanyň degerli maslahatlaryny doly ýerine ýetirmeli. Ene süýdi çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagynda esasy zerurlykdyr. Çünki ene süýdüne taý geljek, onuň ýerini tutup biljek başga bir zat ýokdur. Dünýä inen çaganyň ilkinji iýmiti ene süýdi bolup durýar. Şonuň üçin, ilki bilen, çaganyň ene süýdi bilen iýmitlenmegini gazanmaly.

Ene süýdi bilen iýmitlendirmek çagany doglan pursadyndan, şeýle-de bäbeklik döwri we irki ýaşlarynda dürli kesellerden we ýokançlyklardan goraýar. Ene süýdi arkaly enäniň geçiren ýokanç kesellerine garşy gorag antitelalar çaga geçýär we onuň immun ulgamyny berkidýär. Çaganyň boý-syraty, süňk başynyň iri, boýunyň uzyn bolmagynyň, gönüden-göni ene süýdi bilen baglydygy barada ene-mamalarymyz köp gürrüň bererdi. Ene süýdüniň düzümi dürli ýokuma baý. Bu barada Lukman Hekim: «Çaga emdirýän zenan günde bir gezek süňkli etden bişirilen çorbany iýmeli, süňkden çykan ýag çaganyň süňküniň berk, oňurgasynyň sagdyn bolmagyna, boýunyň ösmegine ýardam edýär» diýip ýazypdyr.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäheriniň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar