Güýzüň datly miwesi

5 Sentýabr 2024
95

Nar gyzyl reňkli, galyň gabykly, ýüzlerçe dänelerden ybarat bolan tropik we subtropik miweleriň biri. Bollugyň nyşany hökmünde görülýän bu miwäni iýmegiň lezzetiniň bir aýry bolşy ýaly, onuň saglyk üçin peýdasy hem başgaçadyr. Güýzde hasyl berýän bu naryň gyzyl reňkini berýän komponentler köp keselleriň öňünde galkan ýaly bolup hyzmat edýär. Nar, nar şiresi, gabygy, güli, ýagy, sirkesi iýmitlik we gözellik önümleri hökmünde ulanylýar. Naryň düzümi kaliý, fosfor, kalsiý, magniý, demir, sink ýaly minerallardan, K, C, E, B1, B2, B6 witaminlerinden ybarat.

Naryň düzümindäki punik kislotasy antioksidant işjeňlige eýedir. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, naryň we nar şiresiniň beýleki miwelerden hem-de gök önümlerden aýratynlygynyň sebäbiniň, antioksidant işjeňliginiň üç esse köp bolmagyndadygy anyklanyldy.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar