Gözbaşy gadymy taryhy mekan

5 Sentýabr 2024
83

Türkmenistan medeni mirasyň gadymylygy, baýlygy we köpdürlüligi boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna degişlidir. Halk binagärliginiň esasyny kesgitlän gadymy siwilizasiýanyň ösüşini alamatlandyrýan ilkinji binalar hut şu topraklarda peýda boldy. Türkmen halky bolup geçen kynçylyklara we özgertmelere garamazdan, öz baý medeni mirasyny birjik-de üýtgetmän, aýawly saklap gelmegi başardy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Üç dilde neşir edilen bu ajaýyp eserde çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şöhratly geçmişi dabaralandyrylýar.

Merdan ÖWEZGELDIÝEW,
Arkadag şäheriniň kazyýeti, kazynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar