Beýik döwrümiziň bagtyýar ýaşlary

5 Sentýabr 2024
72

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Beýik döwrümiziň bagtyýar ýaşlary» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna okuwçy ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýaşlara düşündirmek, asylly ýol-ýörelgelerimizi wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy Begenç Öwezowyň çykyşy täsirli boldy. Ol çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakda edilýän alada, ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler dogrusynda gürrüň berip, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy kämillleşdirmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekdi.

Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar