Ýokary hilli önümler öndürilýär

5 Sentýabr 2024
67

Çagalaryň sazlaşykly ösmegi ugrunda döwlet derejesinde uly işler ýola goýuldy. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň we «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek, ony gorap saklamak we goldamak ugrunda döwlet derejesinde ulgamlaýyn pudagara işler dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ýerli çig mallardan öndürilýän ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralaryna zerur bolan serişdeleriň möçberini artdyrmak we Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdelerini öndürmeklik ýola goýuldy hem-de Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralary degişli önümleriň kesgitli bölegi bilen üpjün edildi.

Beýleki habarlar