Saglyk — gymmatly baýlyk

4 Sentýabr 2024
83

Pasla görä geýniň!
* * *
Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý ediň! Zyýanly endiklerden daşda duruň!
* * *
Sagdyn we kadaly iýmitleniň! Witaminlere baý önümleri kabul ediň!
* * *
Şahsy we arassaçylyk tertip-düzgünleri berk berjaý ediň!
* * *
Derman we antibakterial derman serişdelerini diňe lukmanyň görkezmesi boýunça kabul ediň! Olary özbaşdak kabul etmegiň birnäçe gaýraüzülmelere getirip biljekdigini unutmaň!
* * *
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli kabul ediň!
* * *
Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp alyň!
* * *
Ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý ediň we olary çagalaryňyza-da elmydama öwredip, ýatladyp duruň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar