Ilatyň durmuş goraglylygy we iş üpjünçiligi: ähli tagallalar halkyň bähbidine

4 Sentýabr 2024
68

Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda her ýyl raýatlaryň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde-de döwlet Baştutanymyz şeýle Permana gol çekdi. Oňa laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar. Bulardan başga-da, ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak meselesine-de hemişe uly ähmiýet berlip, bu ugurda zerur bolan çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Milli Liderimiziň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen belent ynsanperwer ýörelgesiniň mynasyp dowamy hökmünde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäni öňe süren hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň, ilkinji nobatda, raýatlaryň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini berkidip, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Biz hut şular babatda ýola goýlan we alnyp barylýan halk bähbitli işler, olaryň ähmiýeti bilen okyjylarymyzy has giňişleýin tanyşdyrmak üçin «tegelek stol» söhbetdeşligini guradyk hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmeti kadalaşdyrmak we zähmet haky müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Emir HAKBERDIÝEWE hem-de Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, zähmet gory bölüminiň başlygy Batyr GURBANNAZAROWA özümizi gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendik.

— Raýatlaryň girdejileri halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri hasaplanylýar. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş özgertmeleriniň oňyn netijeleriniň biridir. Girdejileriň esasy bölegini düzýän zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy haýsy sebäpler bilen şertlendirilen?

Söhbetdeş bolan Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar