Gallaçylarymyz ekişe girişýär

4 Sentýabr 2024
73

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şonuň bilen baglylykda, şu gün biziň welaýatymyzda hem 2025-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin güýzlük däne ekişine dabaraly ýagdaýda girişilýär.

Welaýatymyzda bu möhüm çärä ýokary taýýarlyklar bilen gelindi. Şu ýylyň bugdaý hasylyny isripsiz ýygnap alan welaýatymyzyň daýhanlary sürüm, tekizlemek, geriş çekmek işlerine turuwbaşdan uly ähmiýet berdiler. Şeýlelikde, ekiş geçiriljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýarlanmagyny gazandylar. Ekişde ulanyljak tehnikalar we iş gurallary hem taýýarlyk hatarynda goýuldy. degişli hünärmenler güýzlük däne ekişinde ulanyljak tohumlaryň taýýarlygyna jogapkärli çemeleşdiler. Bu bolsa, bugdaý ekişi möwsümine guramaçylykly başlamaga itergi bolýar.

Näzik MEREDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar