Netijeli işleriň beýany

3 Sentýabr 2024
206

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň «Rönesans Holdinge» ynanylmagy bu kompaniýa üçin uly mertebedir. Şeýle desgalaryň yzygiderli ýagdaýda gurulmagy we ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Pursatdan peýdalanyp, Erman Ylyjak Milli

Beýleki habarlar