Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

3 Sentýabr 2024
231

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşleri, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Ýakyn we alysdaky ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkidip, uly abraýa eýe bolýan döwletimiziň ösüşleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly işlenip taýýarlanan, üstünlikli durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr.

Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan ýurt Garaşsyzlygynyň beren mümkinçilikleri bilen geçilen her bir gün, her bir aý şan-şöhrata, taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady hem medeni wakalara beslenýär. Bu wakalar berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň Ýer ýüzünde gyzgyn goldanylýandygyny görkezýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişler bolup geçip, düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Mukaddes Garaşsyzlyk bize sözüň doly manysynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň milli duýgularyny we arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däpleriniň binýady bolup durýar.

Batyr GUTLYMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar