Halk Maslahaty — agzybirligiň şuglasy

3 Sentýabr 2024
202

Agzybirligiň, jebisligiň we milli demokratiýanyň belent nusgasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty şanly Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde ýokary derejede geçiriler. Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ählihalk maslahatyna aýratyn ähmiýet berlip, demokratik özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Il-ýurt, döwlet bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek türkmen halkynyň gadymdan bäri dowam edip gelýän asylly ýörelgesidir. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, halkymyz islendik bir tutumly işiň başyny başlanda, il-halk bilen geňeş edip, onda öňde goýlan maksatlary ara alyp maslahatlaşypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halk Maslahaty täze döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda alnyp barylýandygynyň, agzybir we jebis halkymyzyň öz belent gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Selbinyýaz GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar