Milli döwletliligiň nusgalyk ugry

3 Sentýabr 2024
199

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz milli demokratiýamyzyň däplerine esaslanmak, paýhasly ata-babalarymyzyň syýasy medeniýetiniň taryhy tejribesiniň gymmatlyklaryny täze döwrüň şertlerine laýyklykda ösdürmek arkaly halk häkimiýetliliginiň kämil nusgasyny kemala getirdi. Asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri geçen döwürde gazanylan ösüşlere baha berip, geljekki derwaýys wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir.

Ykdysady taýdan kuwwatly döwlet, asuda we abadan ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz Türkmenistanda demokratik ýörelgeleriň kämilleşdirilmegi Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden häzire çenli kemala gelip, baýlaşan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti berkarar etmek ýol-ýörelgesi bilen baglanyşyklydyr. Taryhy köklere daýanýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu günki günde adalatlylygyň, jebisligiň nyşany bolmak bilen, Garaşsyz ýurdumyzda döwlet berkararlygynyň synmaz sütünleriniň biridir. Halk Maslahatynyň işine halkymyzyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagy halk demokratiýasynyň asylly däplerine esaslanýar. Umumymilli forumyň düzümine saýlanýan raýatlaryň hatarynda ýaşlaryň bolmagy ýaş nesliň hem ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň wajyp meseleleriniň çözülmegine has işjeň gatnaşmagyna, döwletiň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmagyna ýardam edýär.

Görogly ILJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar