Ýollarymyz asuda bolsun!

3 Sentýabr 2024
183

Her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk geçirilýär. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler toplumy ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli döreýän keselleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda iki taraply, köp zolakly ýollaryň, aýlawly, köp şahaly köprüleriň, häzirki zaman ýol belgileriniň, san belgili ýol yşyklaryň, pyýada ýolagçylar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi nurana ýollarymyzda raýatlarymyzyň barmaly ýerlerine sag-aman ýetmekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden habar berýär.

Guwanç SAPAROW,
Aşgabat şäher hassahanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar