Durnukly ösüşiň binýady

3 Sentýabr 2024
185

Berkarar döwletimizde şöhratly pederlerimiziň köpasyrlyk durmuş tejribelerine daýanylyp, halkyň, döwletiň durmuşyna dahylly meseleleriň halk köpçüligi bilen bilelikde çözülmegi milli ýörelgelerimiziň biri hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi-de ýöne ýerden däldir. Çünki naýbaşy baýramymyzyň bellenilýän günlerinde eziz Diýarymyzda ähli pudaklar boýunça ýetilen sepgitlere nazar aýlamak, il-halk bilen bilelikde maslahatlaşyp, geljek üçin anyk çözgütleri kabul etmek durnukly ösüşi saklamaga esas döredýär.

Şu günler biziň etrabymyzda hem bu ählihalk forumynyň guramaçylykly geçirilmegine we bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmäge bagyşlanan maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Maslahatlarda edilýän çykyşlardan görnüşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli wakalaryň birine öwrüler. Çünki Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary esasynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň maksatnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem bu umumymilli forum ulus-ilimiziň agzybirligini berkitmekde we halk häkimiýetiniň binýadyny pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrülýär.

Merdan SAPAROW,
Saýat etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar