Güýzüň toý ruhy

3 Sentýabr 2024
74

Sentýabr aýynyň gelmegi bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, birhili, işjeňlik, keýpiçaglyk artan ýaly bolýar. Muny tomsuň jöwzasyndan soň tebigata aralaşan güýzüň salkyn howasy bilen düşündirsek hem nädogry bolmaz welin, biz bu hadysanyň ilkinji sebäbini öňde duran uly baýramçylyk dabaralary, okgunly ösüşimizi alamatlandyrýan şanly wakalar bilen baglanyşdyrmak isleýäris. Herhal, «toý», «baýram», «dabara» diýen sözler ýagşy duýgulary oýarýar, ruhuňy galdyrýar.

Halkymyz her bir baýramy we şanly senäni milli buýsanç bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyrylýan umumyhalk dabaralary ruhubelentlik hem-de agzybirlik ýagdaýynda geçirilýär. Utgaşykly gelýän seneler Garaşsyzlygymyzyň taryhy ähmiýetini görkezýär, gazanýan üstünliklerimizi, beýik maksatlarymyzy we döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky esasy möhüm wakalar sentýabrdan başlanýar. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem-de Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramyny aýdyp bolar. Mälim bolşy ýaly, Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, onuň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ileri tutulýan wezipelerine garalýar we olar boýunça degişli çözgütler kabul edilýär.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar