1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalary «Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen şäherimiziň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän paýtagtymyzyň durmuş infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär, binagärlik toplumlarynyň üsti täze binalar we desgalar bilen ýetirilýär.