«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy: önümleriň görnüşleri artdyrylýar

2 Sentýabr 2024
100

Mälim bolşy ýaly, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp hem-de ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryny ekologik taýdan arassa, hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän lukmançylyk serişdeleriniň möçberini artdyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň bu serişdelere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi.

Kärhana tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda gündelik peýdalanylýan lukmançylyk serişdeleriniň görnüşlerini, şol sanda ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini, hassahanalar üçin zerur bolan saglyk maksatly serişdeleri öndürmek işi ýola goýuldy. Bu günki günde bu düzüm tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda ylmy taýdan esaslandyrylan işler alnyp barylýar.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.
Beýleki habarlar