«GM Oil» — hereketlendiriji güýç

1 Sentýabr 2024
45

Geljege miras» hususy kärhanasy öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, ussat telekeçilerimiziň hatarynda başdanaýak ýerli çig maldan önüm taýýarlap, bazara çykarýar.

«Geljege miras» hususy kärhanasynyň häzirki zaman önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Ilkibaşda polipropilen önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek bilen senagat önümçiligine başlan kärhana soňky ýyllarda awtoulaglar üçin ýokary hilli motor ýaglarynyň, şeýle hem senagat önümçiliginde ulanylýan enjamlaryň çalgy ýaglarynyň önümçiligini üstünlikli alyp barýar. «GM Oil» haryt nyşanly çalgy ýaglarynyň ýurdumyzda milli haryt nyşany bilen öndürilen çalgy ýaglarynyň ilkinjisidigini bellemek gerek.

Sahypany taýýarlan: Çary ÇARYÝEW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar