«Se­na­gat­bank» ýe­ne-de öň ha­tar­da

30 Awgust 2024
60

Sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda professional türgenler bilen birlikde, dürli ugurlarda zähmet çekýän raýatlarymyza hem sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň guramagynda «Bank – 2024» ady bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp geçirilen kiçi futbol bäsleşigi hem bu hakykatyň aýdyň beýany boldy.

Ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda guralan bäsleşik ýedi toparyň (Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň Döwlet Ösüş banky, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky, Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky) gatnaşmagynda geçirildi. Ýaryşyň deslapky tapgyrynyň netijelerine görä, ökdeler öňe saýlandy. Ýarymfinal duşuşyklarynda «Senagatbank» topary uly hasap bilen Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň toparyndan, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň topary bolsa «Halkbankdan» üstün çykdylar.

Orazgeldi GELDIÝEW,
sport synçysy.
Beýleki habarlar