Taryhda şu gün

30 Awgust 2024
79

Serbiýanyň Belgrad şäherinde guralan dünýä birinjiliginde 47 döwlete wekilçilik eden türgenleriň 686-sy baş baýrak ugrunda bäsleşdi. Suw görnüşleriniň dördüsi (suwda ýüzmek, sinhronlaýyn ýüzüş, suwa bökmek, suw pökgüsi) boýunça geçirilen dünýä birinjiliginde türgenleri dürli öwüşginli medallaryň 40-syny gazanan (15 altyn, 16 kümüş, 9 bürünç) ABŞ-nyň ýygyndysy toparlaýyn bäsleşikde birinji orny eýeledi. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde Germaniýanyň (13-6-9) hem-de Italiýanyň (2-1-2) ýygyndy toparlary ornaşdylar.

Taýýarlan Döwlet ATAŞOW,
«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar