Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na gat­naş­ýan 36 klu­buň äh­li­si hem bel­li bol­dy

30 Awgust 2024
74

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­jak to­par­la­ryň äh­li­si bel­li bol­dy. Du­şu­şyk­lar diý­seň çe­ke­le­şik­li, al­dym-ber­dim­li ýag­daý­da geç­di. Bir klub il­kin­ji ge­zek gat­naş­sa, baş­ga bir klub 19 ýyl­dan soň yk­ly­myň iň uly klub ýa­ry­şyn­da çy­kyş eder.

Bir hep­de öň Şweý­sa­ri­ýa­da «Ýang Boýz­dan» 3-2 ha­sa­byn­da utu­lan «Ga­la­ta­sa­raý» Stam­bul­da-da gar­şy­da­şyn­dan as­gyn gel­di. 1-0 ha­sa­byn­da utu­lan türk klu­bu­nyň der­we­ze­sin­den ýe­ke-täk go­ly 87-nji mi­nut­da Wir­ji­ni­us ge­çir­di. Şol pur­sat­da «Ga­la­ta­sa­ra­ýyň» der­we­ze­çi­si Mus­le­ra gy­zyl kart al­dy. «Ga­la­ta­sa­raý» ýo­lu­ny Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da do­wam et­di­rer. Şweý­sar klu­by yz­ly-yzy­na 2-nji, umu­my­lyk­da-da 4-nji sa­par bu ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ry­na ady­ny ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da, ýa­ryş­da bu möw­süm türk klu­by çy­kyş et­mez.

Beýleki habarlar