Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda

30 Awgust 2024
71

Holann hem-de Madueke het-trik etdi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky çem­pi­on «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Ips­wiç Tawn» bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şyk­da myh­man­lar Şmo­dik­siň 7-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len öňe geç­se-de, ýer eýe­le­ri Ho­lan­nyň het-trik (12 p, 16, 88) eden oý­nun­da 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ho­lann «Pre­mi­er Li­ga­da» 7-nji ge­zek het-trik et­me­gi ba­şar­dy. «Ar­se­nal» ge­çen möw­süm­de özü­ne çem­pi­on­lyk ýo­lun­da uly päs­gel­çi­lik dö­re­den «As­ton Wil­la­ny» bu ge­zek myh­man­çy­lyk­da Tros­sar hem-de Par­ti­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Şol ne­ti­je «Li­wer­pul» bi­len «Brent­for­dyň» ara­syn­da­ky oýun­da-da ha­sa­ba al­nyp, ýer eýe­le­ri Lu­iz Di­az we Mo­ha­med Sa­la­hyň gol­la­ry esa­syn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Myh­man­çy­lyk­da «Braý­ton» bi­len du­şu­şan «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» 90+5-nji mi­nut­da ge­çir­den go­ly esa­syn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy (Wel­bek 32, Žoao Ped­ro 90+5 — Di­al­lo 60). Tap­gy­ryň iň köp gol­ly du­şu­şy­gyn­da «Çel­si» myh­man­çy­lyk­da «Wul­wer­hemp­ton» to­pa­ryn­dan 6–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. «Çel­si» 1-nji ýa­rym­da 2 ge­zek öňe saý­lan­sa-da, her sa­pa­ryn­da ýer eýe­le­ri jo­gap ber­me­gi ba­şar­dy. Ýö­ne 2-nji ýa­rym­da baş­ga­ça oýun gör­ke­zen «Çel­si­de» Ma­due­ke 14 mi­nut­da 3 gol ge­çi­rip, uly ha­sap­ly ýeň­şe sal­dam­ly go­şant goş­dy. Onuň gol­la­ry­nyň pa­sy­nyň 3-si­ni hem 1 gol ge­çi­ren Ko­ul Pal­mer ber­di. Du­şu­şyk­da oý­na soň gi­ren tä­ze trans­fer Žoao Fe­liks «Çel­si­dä­ki» 2-nji baş­dan­ge­çir­me­si­ne gol bi­len baş­la­dy (Ma­te­us Kun­ýa 27, Strand Lar­sen 45+6 — Jek­son 2, Pal­mer 45, Ma­due­ke 49, 58, 63, Fe­liks 80).

Beýleki habarlar