Mäne baba — keramatly pir

30 Awgust 2024
113

Abu Sagyt Abulhaýyr Mähneýi 967-nji ýylyň dekabrynda Mäne atly kiçiräk şäherde dogulýar. Merwiň meşhur alymlaryndan sapak almak islegi bilen dogduk mekanyny has irräk goýup gidýär. Ýyllar geçýär, ýöne alan bilimini ýeterlik hasaplamaýar. Ol, ozalkysy ýaly, bilim almagyň aladasy bilen bolýar. Bir gezek ol Sarahsda bolýan wagty sopy hanakasynyň bosagasyndan ätleýär we örän kuwwatly, görlüp-eşidilmedik pikirleriň ummanyna düşýär...

Öýüne dolanyp gelen Abu Sagyt birnäçe ýylyny oý-hyýallarda geçirýär. Onuň terjimehalynyň bu döwri buddizmi esaslandyran Siddharthi Gautamanyň (b. e. öňki VI asyr) ykbaly bilen meňzeş gelýär. Budda ýaly, Abu Sagyt hem ruhy halypa bolýar, özem onuň howandarlyk eden iki adamyna — Dawut Çagry bege we Muhammet Togrul bege täze döwlete ýolbaşçylyk etmek ykbaly miýesser edýär.

Juma ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar