Dogry iýmitlenmegiň peýdasy

29 Awgust 2024
94

Dürli süýt önümlerini gündelik iýmitiňde dogry peýdalanmagy başarmak ynsan saglygynyň girewidir. Şeýle peýdaly süýt önümleriniň biri-de mesge ýagydyr.

Mesge ýagynyň düzüminde adam bedeniniň fiziologik aýratynlyklaryna görä gündelik kabul edilmeli witaminler, mineral maddalar, mal ýaglary, beloklar bar. Olar adam bedeniniň madda çalşygyny kadalaşdyryp, reproduktiw, nerw we ýürek-damar ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün edýär  hem-de esasy energiýa çeşmesi bolup  hyzmat edýär.

Begençmyrat JEPBAROW,
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň başlygynyň ylmy-tejribe boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar