Sport we saglyk

28 Awgust 2024
95

Sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýar. Adam saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. Az hereketlilik çagalaryň ösmegine zyýanly täsirini ýetirýär. Çagalarda az hereketlilik, ulular bilen deňeşdireniňde diňe bir fiziki taýdan däl-de, akyl taýdan hem bozulmalara getirip bilýär. Sport bolsa az hereketlilik arkaly döreýän näsazlyklaryň öňüni alýar. Hereket işjeňliginiň orta we gartaşan ýaşly adamlarda peselmegi aterosklerozyň emele gelmegine, gan damarlarynyň çeýeliginiň üýtgemegine hem-de bedende gan aýlanyşynyň bozulmagyna sebäp bolýar.

Welosiped sürmek adam bedenine mahsus bolan hereketleriň uly göwrümini ýüze çykarýar. Bu bolsa biologik esaslary kemala getirmek bilen keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr.

Jennet ANNAGELDIÝEWA,
Talyplar saglyk öýüniň kardiolog lukmany.
Beýleki habarlar