Medeniýet halkyň kalbydyr

28 Awgust 2024
95

«Medeniýet halkyň kalbydyr» diýmek bilen, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegine ak ýollary açan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyna buýsanç goşup, başlaryny göge ýetirýär. Gadymylygy, özboluşlylygy, şol bir wagtda hem döwrebaplygy, täzeçilligi bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýän milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da kämilleşdirip, Ýer ýüzüne ýaýmakda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr.

Hawa, ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Medeniýetiň strategik ähmiýetini tassyklaýan, medeni gymmatlyklary döretmek, türkmen halkynyň medeniýetini dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ulgamlarynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar.

Läle HOJAGURBANOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar