Ruhy baýlyk

28 Awgust 2024
91

Ata Watanymyzda milli medeniýete, sungata uly sarpa goýulýar. Medeniýet ulgamynyň ösmegi üçin tutumly işler durmuşa geçirilýär. Asyrlaryň synagyndan geçip, häzirki günlerimize ýetip gelen milli medeniýetimize, sungatymyza, olaryň durmuşymyzdaky ornuna ýokary baha berlip, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlan, ähli şert-mümkinçilikleri özünde jemleýän kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleridir çagalar çeperçilik, sungat mekdeplerini milli medeniýetimizi ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň hatarynda görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň: «Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär» diýip belläp geçişi ýaly, ol birleşdiriji we ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat edýär. Halkyň kalbyna deňelýän medeniýetimizde milli aýratynlyklarymyz we asyrlaryň dowamynda gazanan üstünliklerimiz jemlenendir. Has takygy, medeniýet, sungat halkyň milli gymmatlyklaryny emele getirýär. Şol gymmatlyklar hem halkyň kalbyndan çykyp, onuň şöhratly taryhyny, bagtyýar şu gününi we röwşen geljegini ähli gözellikleri bilen açyp görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zehinli çagalaryň hünär öwrenmegi babatda uly aladalar edilýär. Nurana geljegimiz bolan çagalaryň çeperçilik we sungat mekdeplerinde dürli hünärleriň inçe tilsimlerini ele almagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň sungatda barha kämilleşmegine we geljekde hünärinde taplanmagyna uly itergi berýär.

Mähriban BEGENJOWA,
Gyzylarbat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar