Kompýuter hakynda kelam

28 Awgust 2024
47

Gadymy döwürlerde adamlar çylşyrymly hasaplara zerurlyk duýmasalar-da, wagtyň geçmegi bilen bu zerurlyk ýüze çykypdyr. Şol esasdanam, hasaplamalary ýeňilleşdirmek üçin dürli gurallar işlenip düzülipdir. Şolaryň biri hem halk arasynda «çot» diýlip atlandyrylyp, ol 3 müň ýyl ozal hytaýlylar tarapyndan döredilipdir.

1642-nji ýylda fransuz matematigi Blez Paskal tarapyndan ilkinji mehanik hasaplaýyş enjamy işlenip düzülýär. 1672-nji ýylda nemes matematigi we filosofy Gotfrid Wilgelm Leýbniz Paskalyňky ýaly, ýöne has ösen enjam oýlap tapýar. Goşmak bilen aýyrmakdan başga-da, bu enjamda bölmek, köpeltmek we kwadrat kök amallaryny hem ýerine ýetirip bolupdyr.

Beýleki habarlar